Türkmenistan 13 ýyl bäri Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda abadançylykda ýaşaýar we ösýär.
2007-nji ýylyň fewralynda türkmen halky giň bäsdeşlik esasynda geçirilen döwlet Baştutanynyň ählihalk demokratik saýlawlarynyň barşynda täze döwrüň syýasatçysy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlady. Bu waka türkmen döwletiniň taryhyndaky täze döwrüň başlangyjy hökmünde ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.Siriya Türkmenlerynyň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna prezidenti wezipesine 13 ýyllygynyň mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa, Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda mundan beýläk-de öňe ilerlemegi we abadançylyk arzuw edýärin. Hormatlamak we sarpa goýmak bilen,
2007 - 2020-nji ýyllar arasynda täze zawodlaryň, fabrikleriň, mekdepleriň, hassahanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, muzeýleriň hem-de kitaphanalaryň müňlerçesi, şol döwrüň içinde gurlan awtomobil ýollarynyň we polat ýollarynyň, turbageçirijileriň onlarça müň kilometri, Türkmenistanda öndürilen, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň ýüzlerçe hem-de millionlarça tonnalary, asyryň iri taslamalaryna goýlan milliardlarça maýa goýumlary ýatyr. Bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bagtly durmuşa eýe bolan ýurdumyzyň keşbini düýpli özgertdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipesini öňde goýmak bilen, täze döwlet ideologiýasynyň berkarar bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar bolsa onuň esasyny düzdi.
Milli Liderimiz bitaraplyk syýasatynyň yzygiderliligini üpjün edip, dünýä we sebit meselelerini çözmekde Türkmenistanyň abraýyny hem-de ornuny ýokary galdyrdy. Şunda ýurdumyzyň daşary strategiýasy ykdysady netijeliligi hem-de milli maksatlaryň we bähbitleriň ileri tutulmagyny ugur edinýän pragmatik ugur bolmagynda galýar.
Biz öňde goýan beýik maksatlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlarymyza bil baglaýarys. Beýik maksatlara bolsa, diňe oýlanyşykly, döredijilikli işler, bedeniň we ruhuň kämilligi, ýeňişlere hem-de üstünliklere bolan uly ynam bilen ýetip bolar. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesiller bilen ýetilmejek menzil, bitirilmejek iş ýokdur diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meseleleri boýunça ugrunyň netijeliligi we yzygiderliligi energetika ulgamynda aýdyň ýüze çykýar. Döwrebap ählumumy meýilleriň çuňňur we toplumlaýyn seljermesine esaslanmak bilen, milli Liderimiz halkara bileleşigine energetika giňişliginde gatnaşyklaryň düýbünden täze nusgasyny döretmegi teklip etdi.
Garaşsyz Bitarap Türkmenistan 13 ýyl bäri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýaşaýar we ösýär. Geçilen ýyllaryň we gazanylan üstünlikleriň belentliginden garamak bilen biz Siriya Türkmenleri olarak ata watan Türkmenistan milli Liderimiziň saýlap alan hem-de halkymyzyň goldan strategik ugrunyň Türkmenistany ösüşiň täze ýoluna çykarandygyny buýsanç bilen aýdýarys. Bularyň hemmesi-hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen 13 ýylyň içinde alyp baran tutanýerli we köpugurly işleriniň aýdyň netijesi bolup, Gahryman Arkadagymyz tutuş dünýä bileleşiginiň öňünde milli bähbitleri häzirki döwrüň wehimlerinden goraýar.
“Goý, Garaşsyz döwletimiziň we agzybir halkymyzyň at-abraýy we şan-şöhraty älem-jahana ýaň salsyn! Goý, mukaddes Garaşsyzlygyň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine ynamly barýan eziz Diýarymyz mundan beýläk-de gülläp össün! Goý, Türkmen döwletiniň halkara abraýy Ýer ýüzüne dolsun! Ýaşasyn, eziz Watanymyz Türkmenistan! Ýaşasyn, baky sarsmaz Türkmen döwleti! Ýaşasyn, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri! Ýaşasyn, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!”
Biz Siriya Türkmenleri olarak Ata Watanymyzyň Dost ve kardeş Türkmen halkını men şahsım ve Siriya Türkmenleri adına en içten duygularla gutlarım Türkmenistan´la varolan kardeşçe ilişkilerin gelecekte halklarımızın beklentileri doğrultusunda daha da güçleneceğine olan inancım tamdır. Bu fırsattan yararlanarak, Yüce Kişiliğinizin sağlık ve mutluluğu ile kardeş Türkmenistan halkının gönenç ve esenliği için en iyi dileklerimi sunarız. Ata Ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiziň mydama jany sag, ömri uzak, il bähbitli, ýurt ähmiýetli her bir tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.
"Arkadagly Ataýurdum Türkmenistan SİRİYA TÜRKMENLERİ SİZİNLE !
ÖŇE, DIŇE ÖŇE, JAN WATANYM, ATA WATAN TÜRKMENISTAN!
|